,

Näme üçin “Mona Lisa” portreti öz çekilen ýurdunda däl-de Fransiýada sergilenýär?

Leonardo Da Winçiniň “Mona Lisa” portreti, ähli döwürleriň iň meşhur eserleriniň biridir. Meşhur alymlar we taryhçylar şeýle-de teoretikler bu suratyň köp syrynyň bardygy öňe sürülýär. Bu suratyň üsti bilen häzirki wagta çenli birnäçe zatlaryň üsti açyldy.

“Mona Lisa”-nyň täsin syrlaryndan başga-da, adamlary gyzyklandyrýan başga bir sorag bar. Ol hem bu surat näme üçin Leonardo Da Winçiniň doglup önüp-ösen ýeri Italiýada däl-de, Fransiýada ýerleşýän Luwr muzeýinde sergilenýär? Soragyň jogabyny geliň öwreneliň!

Da Winçi (Doly ady: Leonardo di ser Piero da Winçi), 1452-nji ýylyň 15-nji aprelinde doglan, öz döwrüniň iň tanymal suratkeşidir. Ol filosof, astronom, binagär, inžener, oýlap tapyjy, matematik, anatomist, sazanda, heýkeltaraş, botanik, geolog, kartograf, ýazyjy we suratkeş.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, “Mona Lisa” portreti ençeme ýyl bäri taryhçylaryň gün tertibinde durýan eserdir. Surat 16-njy asyryň başynda, 1503-nji ýylda Leonardo Da Winçi tarapyndan başlanylýar. Suratdaky zenanyň 50% ýylgyryp, 50% nämedir bir zada gaharlanmasy (gamlanmasy) birnäçe ýyl ozal geçirilen gözlegde mälim boldy
Şeýle hem suratyň arka fonundaky tokaýda, köprüde we ýollarda dürli harplaryň gizlenendigi öňe sürülýär. Eserdäki aýalyň kimdigi barada köp teoriýa bar.

“Mona Lisa” näme üçin Fransiýada?

Leonardo Da Winçi, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, “Mona Lisa”-ny 1503-nji ýylda boýap başlady. Portreti çekmek 1507-nji ýyla çenli dowam etdi, ýöne şol wagt hem portret doly gutarylmandy. Bu surat Da Winçiniň halaýan suratydy we ömrüniň ahyryna çenli oňa jikme-jiklikleri goşmagyny dowam etdirdi.

1517-nji ýylda Da Winçi Fransiýa korolynyň çakylygy boýunça Fransiýa gitdi we “Mona Lisa”-ny özi bilen alyp gitdi. 1519-njy ýylyň 2-nji maýynda ölýänçä Fransiýanyň Amboise şäherinde galan suratkeş henizem surat eserine jikme-jiklikler goşýardy we surat henizem tamamlanmady. Şeýle-de bolsa, bu ýerdäki kömekçisi Salaý suraty ogurlady we 4000 altyn teňňä Fransiýanyň koroly Fransis I-e satdy.

Soňra surat Fontainbleau köşgünde saklandy we korol Lui XIV-iň hökümdarlygyna çenli şol ýerde galdy. Soňra Wersal köşgüne göçürilen bu surat 1700-nji ýylda Fransuz rewolýusiýasy wagtynda Luwr muzeýine geçirildi.

“Mono Lisa”-ny ogurlanlaryň arasynda şübhelenilýän meşhur suratkeş Pablo Pikasso hem bar.

1911-nji ýylda “Mona Lisa” Luwr muzeýinden ogurlandy. Bu hatda birneme real däl ýaly bolup görünmegi mümkin, ýöne Pablo Pikasso hem suraty ogurlan şübhelenýänleriň sanawyndady. 2 ýyllap surat gara bazarda satylyp, baky ýitdi öýdülýärdi. Şeýle-de bolsa, 1913-nji ýylda suraty ogurlan günäli tapyldy. Şeýlelikde, surat ýen-de Luwr muzeýine gaýtaryldy.

Birnäçe wagt bäri Italiýanyň hökümeti bu taryhy gymmatly sungat eserini Italiýa gaýtaryp bermek üçin Fransiýa bilen ähli diplomatik serişdelerini synap gördi. Fransuz hökümeti eseriň bir ýerden başga ýere göçürilip bilinmejek derejede näzik we döwülgenligini aýdyp, suraty hiç haçan yzyna gaýtarmady.

Şeýlede okaň:

Leonardo Da Winçi hakda 10 gyzykly maglumat

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *