,

KITAP: “Yşk duzagy” – Oguljennet Bäşimowa

Şahyr Oguljennet Bäşimowanyň “Yşk duzagy” atly romany Garajaoglan şahyr hakyndadyr. Roman hronikal- çeper häsiýetde bolup, kitaba şahyryň öz goşgulary we awtoryň öz şahyra bolan gatnaşygyny kesgitleýän goşgular hem girizildi. Oguljennet Bäşimowa gaty köp ýyllar bäri Garajaoglanyň döredijiligi bilen gyzyklanýar. Ol Adana şäheriniň eteginde ýerleşýän Daglarda Garajaoglanyň mazaryna hem baryp, o ýere zyýarat eden awtordyr.Awtor Garajaoglanyň döredijiligini öwreniji awtor hökmünde Tarsus şäherinde geçirilen Halkara şygyr festiwalyna hem gatnaşdy we Garajaoglanyň şygyrlaryndan hem- de öz şygyrlaryndan okady. Awtoryň Garajaoglanyň ruhy aramgähinde – mazarynyň başynda ýazan şygry hem okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanan şygyrlarynyň biridir.

ÝÖR, DOGAN 

Türkiýäniň Adana şäherine golaý ýerde, Kozan dagynyň eteginde, on altynjy asyrda ýaşap geçen türkmen şahyry Garajoglanyň ruhy mazary bar. Şol mazaryň başynda ýazylan goşgy. 

Ýör dogan gideli,ýat ilde galma,
Diýmesinler bize,ili unutmuş.
Ýeri ,ýurdy ýok bolanlar ýat ilde,
Illerine uzan ýoly unutmuş… 

Aglamasyn aga,jigi,uýamyz,
Kalplary elenip durmasyn onda. 
Asman-zemin arasynda göýä biz, 
Geçmez ilimiziň durnasy mundan. 

Ýürekdäki ötlem-ötlem hijrany, 
Barsak,ile döküler ol,elbetde, 
Ýör dogan gideli,ýat ilde galma, 
Gül ömrümiz galmasyn bu gürbetde. 

Mazaryň başynda çöküp dyzyma, 
Diýdim: “ýör gideli,ýat ilde galma”.
Ynan ýör doganym,iliň gyzyna, 
Ökünç ykballarda  atmasyn hallan. 

Ýör dogan gideli,ýat ilde galma,
Diýmesinler bize ili unutmuş.
Ýeri ,ýurdy ýok bolanlar gürbetde,
Illerine uzan ýoly unutmuş… 

Elektron kitaby ýükläp alyň (1-nji kitap)

Elektron kitaby ýükläp alyň (2-nji kitap)

4 Replies to “KITAP: “Yşk duzagy” – Oguljennet Bäşimowa”

  1. Oguljennet uyamyzyñ Hezreti Magtymguly baradaky romanyny-egeryazyp tamamlan bolsa-okamagyñ arzuwyndadygymy yokarda aydypdym. Munuñ oz sebabi bar.Cunki,beyik akyldar barada kan-kan eserler yazyldy.Birnace romanlar doredildi.Sholaryñ icinde Gylyc Kulyyewiñ romanyndan bashgasyna gatybir gownum yetmedi.Sebabi,Magtymgulynyñ hyyalymdaky hereket edyan obrazyny ol romanlardan tapyp bilmedim.Her nicik de bolsa,G.Kulyyewiñ romanyny el-hal gowy goryan.Gownume bolmasa,onda Magtymgulynyñ goshgylary esasynda añymda doran obrazyna golaylyk bar yaly duyulyar.Akyldaryñ obrazyndaky psihologiyany Oguljennet uyamyzyñ romanyndan taparyn diyen umydym bar.Cunki,kishiniñ doredyan obrazynda duygycyllyk guycli we yiti bolyar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *