,

Näme üçin siňekler erbet meýilnama düzýän ýaly ellerini yzygiderli biri-birine sürtýärler?

Siňekleriň bir ýere gonanlarynda öňdäki iki ellerini bir-birine sürtýändikleri hakda pikir eden bolsaňyz gerek. Aslynda bu ýagdaýyň dürli sebäpleri bar. Geliň, bu sebäpleri öwreneliň!

Esasanam tomus aýlary, gonanda bizi gaharlandyrýan siňekler özüni alyp barşy, ünsüňizi çekendir. Olar bir ýere gonanyndan soň, erbet meýilnama düzýän ýaly ellerini biri-birine sürtýärler. Olar näme üçin beýdýärkäler?

Siňekleriň muny etmeginiň aslynda birnäçe sebäbi bar. Bu sebäpleriň köpüsi arassaçylyk bilen baglanyşykly. Geliň, bu sebäpleriň hemmesini ýeke-ýekeden öwreneliň!

  • erbet niýetleri ýok, ýöne arassalanmak üçin;
    Siňekler näçe hapa ýerlere gonsada olara hapa diýsek ýerliksiz bolar sebäbi olar köp wagtyny arassalanmak bilen geçirýärler. Muny ellerindäki kirleri süpürip, süpürip aýyrýandygyndan hem görmek bolýar. Arassaçylyk olara awdan başgada uçmaga, sagdyn bolmaga gowy ýanýoldaş tapmaga kömek edýär.
  • tüýlerini daramak arkaly aerodinamiki artykmaçlygy üpjün etmek üçin;
    Siňekler tüýlerini daramak bilen aerodinamiki artykmaçlygy üpjün edýärler. Şol bir tarapa daralan tüýler howadaky deňagramlylygy üpjün edip has takyk we çalt uçmaga kömek edýär.
  • ýetirilen zyýany aýyrmak (ýoklamak) üçin;
    Siňekler bu hereketi edenlerinde, ellerindäki duýgyny hem dolandyrýarlar. Şeýlelik bilen, uçuşdan ýa-da başga bir çybyn bilen söweşmezden ozal ýaralanan ýeriniň bardygyny ýa-da ýokdugyny görýärler we şoňa görä çäre görýärler.
  • islendik ýerde rahat ýöremek üçin;
    Siňekler arassalanmasa aýaklaryndaky hapalar bilen aýlanýarlar. Bu, aýna ýa-da şuňa meňzeş ýerlerde ýöremegi kynlaşdyrýar. Şonuň üçin tersine, dik ýa-da adaty ýagdaýda hemme ýerde gezip, ýöräp bilmekleri üçin aýaklaryny gowy süpürýärler.
  • aşa gyzmagyň öňüni almak üçin;
    Esasanam tomus aýlarynda ýüze çykýan siňekler tüýlerini belli bir tertipde tertipläp, ýylylygy paýlaýar. Başga bir söz bilen aýdylanda, suwa düşenimizde biz nähili serginläp, salkynlaýan bolsak olar hem ellerini biri-birine sürtmek arkaly serginleýärler we salkynlaýarlar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *