,

“ATGULAK” ösümliginiň peýdalary

Bu dermanlyk ösümlik biziň tebigatymyzda giňden ýaýrandyr. Atgulak köpýyllyk ösümlik bolup melleklerde, ýol gyralarda, ýaplaryň gyralarynda duş gelýär.

Atgulagyň dermanlyk häsiýetleri gadym döwürlerden bäri bellidir. Onuň ter ýapraklaryndan alynýan şiräni we guradylan ýapraklaryndan taýýarlanan melhemi dürli aşgazan-içege kesellerinde, aşgazanda we içegede ýara bolanda, dem-alyş ýollarynyň sowuklama kesellerinde gakylyk gopduryjy serişde hökmünde ulanylýar.

Atgulagyň ter ýapragynyň kesel dörediji mikroblara garşy we gan durzujy häsiýetleriniň bar bolandygy sebäpli köp ýurtlaryň halk lukmançylygynda ýaralara, çykuwlara, mör-möjekler çakanda ýapgy hökmünde ulanylýar.

Onuň üçin 2 nahar çemçesi möçberinde ter atgulak ýapragyny ýuwup maýdaja dograp, hasa dolap, deriniň şikesli ýerine goýmaly.

Atgulagyň 30 gram (2 nahar çemçesi) guradylan ýapragyny 1 bulgur gaýnag suwa demläp, 1-2 nahar çemçesinden her 2 sagatdan aşgazan-içege kesellerinde, babasil keselinde içmek maslahat berilýär.

Bu melhem deride örgün bolanynda hem iriňli ýaralar ýuwlanda olaryň çalt bitmegi üçin ulanylýar.

Aşgazan turşulygy pes bolanda atgulagyň ter ýapraklaryndan maýdalanyp, sykylyp alynan şiresinden 1 nahar çemçesini ýarty bulgur suwa garyp, nahardan 15-20 minut öň, 30 günläp içmek maslahat berilýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *