,

Bir agajyň näçe ýaşyndalygyny nädip hasaplamaly?


Müňlerçe ýyl ýaşap bilýän käbir agaç görnüşleri bar. Olaryň ýaşyny nädip hasaplap bolar?

Agaçlar her ýyl daşky gatlagyna täze halka goşýarlar. (daşky gabygy bilen iň soňky halkanyň arasyna.) Bu halkalaryň sany bolsa agajyň ýaşyny görkezýär. Mysal üçin, eger halkalaryň sany 80 bolsa, agajyň ýaşy 80-dir.


Halkalaryň sanyny kesgitleýän gurala “Increment borer” diýilýär. Gural agajyň ortasyna towlanýar, taýak görnüşindäki bir bölek agajyň ortasyndan daşyna çykarylýar we şol bölekdäki halkalar sanalýar. Soňra deşilen ýer palçyk bilen örtülýär.


Elbetde, her ýyl gabygyna birden köp halka goşýan agaçlar hem bar. Bu hem agajyň görnüşine baglydyr. Emma hasaplama usuly birmeňzeş!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *