,

Zikge

Bu söz dilimizde işjeň ulanylmaýan hem bolsa, tarhan dökerlik etmezlik barada «Men näme zikge kakýanmy?» diýen söz düzüminde saklanyp galypdyr. Zikge sözi dogrusynda düşündirişli sözlüklerde «Metaldan ýasalan pul» diýlip düşündiriş berilýär.

Häzir biz kagyz görnüşindäki milli pulumyzy «manat» diýip atlandyrýarys. Ýöne köp halklaryň milli pullarynda bolşy ýaly, biziň pulumyzda hem bir manadyň ýüzden bir bölegi görnüşindäki metal pullar hereket edýär. Bizde olar teňňe, şaýy, köpük kimin atlandyrylýar.

Puluň taryhyna nazar aýlanyňda, geçmişde, köplenç, kagyz pullar dälde, altyndan, kümüşden, misden ýasalan metal pullar hereket edipdir.

Ýokarda aýdyşymyz ýaly, metal pullar umumylykda «zikge» diýlip atlandyrylypdyr. Onuň ýasalýan ýerine bolsa «zikgehana» diýlipdir.

Dünýä boýunça kagyz pullaryň rowaç döwründe hem zikgehanalar hereket edýär. Olarda ownuk pul birlikleri bilen bir hatarda, döwletiň tapawutlandyrylyş nyşanlary bolan ordenlerdir medallar hem ýasalýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *