,

“Dileg” Kakamyrat REJEBOW

Dileg

Her ýyly söz göwünlik däl,
Aman diýmek ýeňilmek däl,
Bu ýollarda ýeňil ýük däl,
Gerden diledim, diledim.

Ýyllar ötdi düzüm-düzüm,
Derdin beren berdi dözüm,
Köňül içre ýagşy sözüm
Dürden diledim, diledim.

Gül ömrüň öýlesi bilen,
Yşk geldi meýlisi bilen.
Aýybym kän… Söýgüsi bilen
Örten diledim, diledim.

Ýetmese Ýokardan ýardam,
Ne haraý ah bile zardan?!
Barysyny Biribardan –
Birden diledim, diledim.

One Reply to ““Dileg” Kakamyrat REJEBOW”

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *