,

Leonardo Da Winçi hakda 10 gyzykly maglumat

Mona Liza portreti bilen dünýä tanaýan Leonardo Da Winçi diňe bir çeperçilik däl eýsem-de ol sazanda, inžener, alym we matematikdi. Ylmy teoriýalarynyň köpüsi häzirki zaman ylmynyň esasyny tapdy we sungat eserleri sungat taryhynda ýatdan çykmajak yz galdyrdy. Leonardo Da Winçi 1452-nji ýylda doglupdyr.

Leonardo Da Winçiniň durmuşy barada has giňişleýin öň eşidilmedik 10 gyzykly maglumaty siziň bilen paýlaşmagy makul bildik!

Leonardo Da Winçiniň familiýasy ýokdy;

  • Leonardonyň familiýasy ýokdy. ‘Da Winçi’ onuň nireden gelendigini aňladýar. Şonuň üçin oňa köp muzeýlerde we akademiki kitaplarda diňe ‘Leonardo’ diýilýär.

Ol binika ene-atadan bolan çagady;

  • Leonardo bir baý gatlakly adam bilen ýaş daýhan zenanyň binika çagasy hökmünde dünýä indi. Leonardonyň ejesi dünýä inenden gysga wagt soň bir ussa durmuşa çykdy.

Leonardo dogry we doly bilim alyp bilmedi;

  • Leonardonyň şeýle zehininiň bardygyna garamazdan, resmi bilim prosesini başdan geçirmändigi birneme geň galdyryp biler. Elbetde, mekdepde okamagyň, ýazmagyň we arifmetikanyň esaslaryny öwrendi, ýöne şondan soň hemme zat özüne tebigy berilen zehindi.

Ol köp surat çekýän adam däldi;

  • Leonardo da Winçi ähli döwürleriň iň gowy hudožnigi hökmünde tanalsa-da, ol kän surat çekmeýärdi. Onuň şu wagta çenli bary-ýogy 17 sungat eseri bar.

15 ýaşynda şägirtlige alyndy;

  • Şol döwürde bolşy ýaly, Leonardo ýetginjeklik döwründe çeperçilik okuwyna başlady. Kakasynyň abraýy bilen 15 ýaşynda abraýly suratkeş Andrea del Verroçionyň studiýasynda şägirt bolup işe başlady.

Adam bedeni bilen gaty gyzyklanýardy;

  • Leonardo da Winçiniň bilime bolan höwesi adam bedenine çenli baryp ýetdi. Ol eýýäm bar bolan zatlary barlamak bilen kanagatlanmady we Rimiň keselhanalarynda 30 töweregi adamy kesip barlap bilimini çuňlaşdyrdy.

Bil Geýtsde Leonardo da Winçiniň depderçesi bar;

  • Leonardonyň depderçeleriniň köpüsi Iňlis kitaphanasynda we Wiktoriýa Albert muzeýinde saklanýar. Emma onuň “Codex Hammer” atly depderçesini Bill Geýts 30,8 million dollara satyn aldy.

Leonardonyň has uly işleri uruş sebäpli ýok edildi;

  • Leonardo “Mona Lisa” we “Soňky agşamlyk nahary” ýaly ajaýyp sungat eserleri häzirki güne gelip ýetipdir. Ýöne gynansak-da adamzada hödürlemek üçin iň uly eserini asla tamamlap gutarmady. Onuň häzirkiden has meşhur eserleri şol döwürdäki uruşlar sebäpli ýok bolup gitdi.

Ol harby binagär we inžener bolup hem işledi;

  • Leonardo 10 aý uly harby binagär we baş inžener bolup işledi. Bu etapda häzirki zaman tanklaryň we dikuçarlaryň düýbüni tutýan taslamalary döretdi. Şeýle hem, häzirki zaman kartografiýasyna yşyk berýän köp sanly şäher meýilnamalaryny we topografiki kartalary çyzdy.

Ömrüniň soňky ýyllaryny doglan ýeri Italiýada däl-de, Fransiýada geçirdi.

  • Leonardo 60 ýaşyndaka, syýasy başagaýlyk sebäpli Milandan gitmeli boldy. Bu ony Rime alyp gitdi. Ol Rimden soň Fransiýa bardy. Şondan bir-iki ýyl soň ol aradan çykdy.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *