,

Erkekleriň dünýäni zenanlardan has köp hapalaýanlygynyň üsti açyldy

“Journal of Industrial Ecology” žurnalynda çap edilen gözlegiň netijesine görä, erkekler planetamyzy zenanlardan has köp hapalaýarlar. Munuň sebäbi, erkekleriň gündelik endikleriniň aýallara garanyňda tebigata has zyýanly bolmagydyr. Şeýle-de bolsa, jynslaryň ikisinde-de tebigatyň iň hapalanmagyna sebäp bolýan umumy aýratynlyk bar. Bu umumy aýratynlyk uçar ýa-da awtoulag bilen dynç almaga gitmekdir. Hünärmenleriň pikiriçe, syýahat wagtynda we ösümlikler bilen iýmitlenilende şeýle-de elektrikli ulaglar ulanylsa, uglerod zyňyndylary 40 göterim azalýar.

Gözlegiň birinjisi zenanlarda geçirildi, ýagny zenanlar gündelik öý işleri, saglyk we geýim-gijim bilen has gyzyklanýarlar we bu ugurlara has köp pul harçlaýar.

Gözlegiň ikinjisi erkeklerde geçirildi: erkekler, alkogol, çilim, howa gowy wagty ot ýakyp mangalda iýmitlenmek, awtoulaglaryna benzin ýaly zatlar üçin has köp pul harçlaýarlar. Bu bolsa, erkekleriň Ýeri has köp hapalaýandygyny aňladýar.

Geçirilen gözleg, planetamyzda has köp ýaşamak üçin näme etmelidigi barada möhüm maglumatlary berýär. Şoňa görä-de, alkogol we çilim ýaly zyýany endikleriň sarp edilişini azaltmak şeýle-de erkekleriň elektrikli awtoulaglara bolan islegleri, tebigata goýberilýän uglerodyň mukdaryny gaty çynlakaý azaldyp biler.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *