,

Näme üçin şapak wagty asmanyň reňki üýtgeýär?

Günüň batyşyna tomaşa etmegiň jadylaýjy täsiri bar. Syýahatçylar şol pursata tomaşa etmek üçin deňiz kenary, dag gerşi ýaly Günüň gyzaryp batýan sebitlerine barýarlar. Günüň ýaşmagy bilen peýda bolýan göze ýakymly bu ajaýyp tebigy görnüş, ruhy dynçlyk we rahatlyk berýär. Gün batanda şapak gyzaryp gök asmanda gyzyl reňkli ýaýraň ýalkym emele gelýär. Gijesine asmanyň reňki gara hem garaňky, ýöne birnäçe sagatdan soň gyzyl reňke gark bolýar. Elbetde, munuň ylmy esaslary bar.

Geliň, asmanyň reňkiniň nähili üýtgeýändigine seredeliň!

Irden we agşamara asmanyň ýüzi açyk gökden goýy gyzyl aralygynda dürli reňkli öwüsýär, ýöne bu ýagdaý hemişe beýle bolmaýar. Gün şöhlesi atmosferamyzda peýda bolan mahaly ak reňkli bolup, älemgoşaryň ähli reňklerini özünde jemleýär. Gün şöhlesi atmosferadaky gaz molekulalaryny dürli tolkun uzynlyklaryna bölýär we bölünen yşyklar dürli tizlikde hereket edýär. Dürli reňkleri görmegimiziň sebäbi tolkunlaryň tizliginiň tapawutly bolmagydyr. Günden gelýän şöhle tolkunlary molekulalaryň üsti bilen dürli taraplara ýaýradylýar. Muňa bolsa asmanyň reňk çalşygy diýilýär. Gün şöhleleri ýere ýetmänkä atmosferada ýaýraýar. Gök reňk beýlekilere görä has çalt hereket edýär we köp ýaýraýar. Netijede, beýleki reňkleri hem öz içine alýar. Şol sebäpli günüň dowamynda gök reňki köp görýäris. Gün tolkunlary gün doganda we gün ýaşanda gorizontal bolansoň, beýleki reňkler bilen deň ýaýraýar. Şol sebäpli gyzyl reňkleri görüp bilýäris.

Günüň dogup-batýan wagty asmanyň reňkiniň üýtgemeginiň ýene bir sebäbi bulutlardyr. Ýer ýüzünden birnäçe km ýokarda emele gelýän bulutlar Gün şöhlesini Ýere ýetmänkä yzyna serpikdirýär.

Suratçylar Gün batyşynyň güýzde we gyşda has owadan bolup görünýändigini nygtaýarlar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *