,

Jahyllyk düwürtiklerine degişli peýdaly maglumatlar

Tämizleýji serişdeler:

  • aýrybaşga (indiwidual) polotense;
  • ýagly deri üçin niýetlenen tämizleýji serişdeler;
  • bakteriýalara garşy ýörite sabyn;
  • düzümi ýagsyz losýon;
  • çyglandyryjy krem;
  • deri öýjükleriniň gysylmagyny üpjün edýän ýapgylar;
  • ultramelewşe şöhlelerini geçirmeýän süzgüçli (filtr) gözellik serişdeleri.

Witaminler:

  • Testosterona duýgurlygy peseldýän B8 witamini;
  • Ýokançlara garşy göreşmäge ýardamly C witamini;
  • Ýara yzynyň galmagynyň öňüni almaga kömek edýän E witamini;
  • Aşgazan-içege ulgamynyň işini sazlaşdyrýan dermanlar.

Iýmitler:

  • sarymsak, sogan, ter gök otlar; miweler, gök önümler; turşy süýt we gatyk önümleri.

Ulanmak gadagan edilýän zatlar, zyýanly endikler:

  • bakteriýa garşy täsirli sabynlardan beýleki sabynlar (deriniň goraglylygyny gowşadýar, ýag mäzlerini has işjeňleşdirýär);
  • ýagly kremler (öýjükleri dykýar);
  • düzüminde ýag, wazelin, lanolin saklaýan kremler;
  • skrab (deri gatlaklaryna çuň aralaşýan tämizleýji serişde);
  • sürtgüç, çotga;
  • süýji nygmatlar, kofe, kakao, hoşboýlyklar;
  • burny dyrmalamak, maňlaýy, eňegi sypalamak, ýüzüňe el degirmek endikleri;
  • kosmetiki serişdeleri ýüzüňden ýuwup aýyrman ýatmak endigi;
  • düwürtijekleri sykmak endigi.

Meňzeş makalalar:
Jahyllyk düwürtikleri üçin dermanlyk taýýarlanylşy

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *