Lukmançylyk ylymyndan ussat Aganazar Töräýewiç Ýagşymämmedow (Nazar Töre) manyly ömrüni inçekesel diýilen çylşyrymly hem-de bejergisi uzaga çekýän kesel bilen kesellän näsaglary bu ýowuz dertden saplamak ýaly jogapkärli hem hormatly işe sarp etdi. Çeper döredijilikde Nazar Töre lakam-tahallusy bilen çykyş edýän lukman özüniň näme üçin bu käri saýlap alanlygy dogrusynda “ÖÝKENE SYRYGAN GÖZÝAŞLAR” poemasynda öz halypasy, meşhur Türkmen hirurgy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor hem Magtymgulyşynas-edebiýatçy Çary Nazarowiç Nazarowy hem hatyralap, çeper sözüň hem-de obrazlaryň üsti bilen örän täsirli gürreň berýär. Nazar Töräniň beýleki liriki goşgulary hem okan okyjylary biparh goýmasa gerek.
Tahyr bolup, derýalarda ýüzer men,
Perhat bolup, dag-daşlary gazar men,
Öň Mejnundym, indi aşyk Nazar men,
Barlygymy saňa aýdasym gelýär.
Bolan waka esasynda ýazylan poemalar ýygyndysy (üstüne basyň we diňläň):
Ençe agyr hassalary bejeren,
Ençeme lukmana halypa bolan,
Alla gursagyňa keramat beren,
Ussat, şahyr lukman Nazar Töre sen!