,

Rowaýat / GARŞYLYKLY ÝIGRENÇ

GARŞYLYKLY ÝIGRENÇ

Magtymguly şahyr ylmy, bilimi bolmadyk, hüşür, zekat diýip, iliň malyna söz dikip ýören işan, mollalary ýigrenermiş, olaryň syrlaryny paş edermiş. Şonuň üçin ruhanylar hem oňa göwünleri ýetmän, Magtymgula «şahyr gökleň gul» diýer ekenler. Şonda Magtymguly «Başlady», «Sopular» diýen goşgularyny goşanmyş.

* * *

Magtymgulynyň dakyndy aýaly bolupdyr. Ol aýalyň iş-pişe bile hem kän höwesi bolmandyr. Şonda Magtymguly «Her ýana» diýen goşgusyny düzenmiş.

Çakan Kötel ogly, Köşi obaly, garaýörme 70 ýaş.
14.11.1941.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *