,

Rowaýat / HYWA ÝOLUNDA

HYWA ÝOLUNDA

Magtymguly Hywadaky «Şirgazy» medresesinde okan wagty, Hazreti Pälwan adynda onuň halypasy bar eken. Ondanam başga şol ýerde okanda, özbekden, garagalpakdan, gazakdan, tatardan gaty kän dostlary bolupdyr.

Magtymguly Hywa argyşa gidýän kerwenleriň kerwenbaşysyndan: — Meniň hem goş-kötelimi göterişip, şol ýana atsaňyz — diýip haýyş edýär. Kerwenbaşy razy bolýar. Emma Magtymgulynyň ýoldaşy:

— Seni Hywa taraplarda hem şu ýerdäki ýaly tanaýarlar, hormatlaýarlar — diýip, kän azyk-suwluk götertmändir.

Magtymguly kerwenler bilen Hywa ýakynlaşanda, şahyryň gelýär sesini eşidip, Hazreti Pälwan öz şägirtlerinden bir toparyny iberip, Magtymgulynyň öňünden çykarýar. Ol ýurtlar Magtymgulyny ondan-oňa çagyryp hezzetleýärler.

Çakan Kötel ogly, Aşgabat Köşi oba, garaýörme.
Ýetmiş ýaş, sowatsyz. 20.09.1941.

Leave a Reply

Your email address will not be published.