,

79 ýyl bäri tapylmaýan iňlis suwasty gämisi barada käbir maglumatlar peýda boldy

“HMS Urge” atly iňlis deňiz suwasty gämisi ikinji jahan urşy döwründe Maltadan Müsüre gitmek barada buýruk alandan soň ýitirim boldy.  1942-nji ýyldan bäri tapylmaýan suwasty gämide bolup geçen wakalar aýan edildi.

Sputnik we radar tehnologiýalarynyň kömegi bilen gözlegi geçirýän alymlar 20 minut suwuň aşagynda barlag geçirdiler. Netijede, “HMS Urge” atly iňlis deňiz suwasty gämisi nemes harby gämisi tarapyndan ýerleşdirilen bir partlaýja degip, gämide uly deşik emele gelipdir. Içine suw girip başlan suwasty gämi, içindäki 43 harby bilen bilelikde deňiziň düýbüne düşüpdir.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *