,

SERKEÇ

Çary Baýryýew, mugallym

Serkeç — çopanlaryň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolup, bu çopanlaryň çölde käsäni salmak üçin ulanýan gaby. Ol gaýyşdan edilip, guşak ýaly bile daňlypdyr. Serkeç käsäniň döwülmän, ygtybarly saklanmagyna ýardam beripdir.

Goýun sürüsi goş ýazdyrylan ýerden has uzakda otladylmaly bolanda, käte çopanlaryň çolugyna: “Ýanyňa serkeji almagam unudaýmagyn!” diýip ýatladanlarynda her bir işe eýelik gözi bilen garap bilýän çoluk: “Serkeç – bilde, süri ýolda” diýer eken.

Serkeje käbir ýerlerde “käşkül”, “terkeç” hem diýilýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *