,

Hikmetli jümleler

Göwher AKMAMEDOWA, mugalym

SÖÝGI HAKDA

— Halamak bilen söýmegiň arasynda näme tapawut bar?
— Haçan-da, size gül ýaraýan bolsa, siz ony ýolýarsyňyz.
Ýöne eger güli söýseňiz, siz ony günde suwaryp durarsyňyz.

NÄZIK ZATLAR

Ir döwürde bir dana kişi bir oba göçüp gelipdir. Ol çagalary gaty gowy görýän ekeni hemem köp wagtyny olar bilen bile geçirýän ekeni. Bu kişi olara sowgat etmegi hem gowy görüpdir, ýöne döwlegen, port zatlary getirip beripdir.
Çagalar näçe seresap boljak bolsalar-da, olaryň täze oýunjaklary, köplenç, tiz döwlüpdir. Çagalar gynanyp erbet aglapdyrlar.
Biraz wagt geçýär welin, ýaňky kişi ýene olara sowgat berýär, ýöne bu gezek ol öňküdenem ejizje zatlary beripdir.
Ahyry bir gün çagalaryň ene-atalary bu ýagdaýa çydaman, onuň ýanyna gelipdirler:
— Sen paýhasly, özüňem biziň çagalarymyza diňe ýagşylyk isleýäň. Emma näme üçin sen şeýle sowgatlary berýäň? Çagalar olary döwmejek bolup şeýle bir çytraşýarlar welin, şonda-da oýunjaklar bary bir döwülýärler, onsoň olaram aglaýarlar. Ýogsam oýunjaklar şeýle bir ajaýyp, olary oýnamazlyk, asla, mümkin däl.
Garry ýylgyrypdyr-da:
— Ýene biraz ýyllar geçer weli, kimdir biri olara öz ýüregini bagyş eder. Belki, bu zatlar tapylgysyz peşgeşe — söýgä nähili seresaply çemeleşmelidigini sähelçe bolsa-da öwreder — diýipdir.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *