,

Diňe döredijilik barada

Edebiýat — söze gaplanan hakykat.

Stiwen King.

* * *

Bize az sanly adamlaryň düşünjegini bilýäris. Ýöne bu bizi kanagatlandyrýar.

Şarl Bodler.

* * *

Maňa gyzykly bolmak gyzykly däl.

Uilýam Berrouz.

* * *

Nirededir golaýda Tolstoýyň ýazýanlygyny bilip, maňada ýazmak aňsat.

Anton Çehow.

* * *

Ýazyjylyk işinde öwgä garaşly bolmakdan erbet zat ýok.

Sidni Waterloo.

* * *

Kähalatlar öz gahrymanlarymyň nähili akmakdygyna özümem haýran galýaryn, ýöne munuň bilen bagly hiç zat edip bilemok.

Wedrana Rudan.

* * *

Özüne edilýän tankytlary kabul edip bilmeýän ýazyjy haýsydyr bir başga zat bilen meşgullanmaly.

Artur Heýli.

* * *

Döredijilik adamlary döredijilik hakynda döretmek lezzeti ýaly beýik lezzet ýok bolsa gerek.

Nikolaý Gogol.

* * *

Öwreniň we okaň. Zerur kitaplary okaň. Galanyny durmuşyň özi eder.

Fýodr Dostoýewskiý.

* * *

Nakgaşçylyk — görüp bolýan şygryýet, şygryýet bolsa — eşidip bolýan nakgaşçylyk.

Leonardo da Winçi.

* * *

Kähalatlarda söz saza mätäç bolýar, emma saz hiç zada hem mätäç däl.

Edward Grig.

* * *

Her bir işde köp bolup ýaramaz bolanyndan, az bolsun, ýöne gowy bolsun. Kitaplarda-da edil şeýle.

* * *

Ýa juda gowy bilýän zadyň hakynda ýazmaly, ýa-da hiç kimiň bilmeýän zady hakynda.

Lew Tolstoý.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *