,

“Kaka” Aýbölek ABDYÝEWA

Kaka

Ýok, gyýylma bujagaz dert,
Çekebilmez dert däl, kaka.
Naçar diýme, her telpeklem,
Meniň kimin mert däl, kaka.

Sen bilýäň-ä, bu durmuşam,
Synamaz her kimi, kaka.
Günler ýene gaýdyp berer,
Görkümi, erkimi kaka.

Ýükläbersin, onça ýüki,
Göterer gerdenim, kaka.
Bu ýolda yza tesermi,
Heý seniň merdemiň, kaka?!

Görýäňmi, ýognan bilegim,
Bedenimem berkän, kaka.
Maňa sen bilen birlikde,
Ynamyňam derkar, kaka.

Ganyma ornapdyr zoruň,
Hem gaýratyň, dogmuň, kaka.
Men biriniň gelni borun,
Seniň weli ogluň, kaka.

3 Replies to ““Kaka” Aýbölek ABDYÝEWA”

  1. Ataly-gyzyñ biri-birine perzentlik hem-de atalyk garayyshlary ince duygylaryñ merkezinse oz otnu y kemsiz tapypdyr.Berekella shahyr uyam.Talant ceshmañ egsilmesin.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *