,

Mukaddes Oraza aýy başlaýar

Remezan – Oraza päkize asmanda her ýylda düşýän aýyna görä, dürlüçe dogýar. Her ýyl hem on gün aýyň başyna süýşýär. Şeýlelikde her ýyl gaýtalanyp durmagy netijesinde Oraza dürli-dürli pasyllara düşýär.

Oraza – tutuş musulman ymmaty üçin mukaddes aýlaryň biridir. Oraza aýy ruhy taýdan tämizligiň hem-de haýyr-sahawatyň aýydyr. Oraza – selälik wagtynyň gutaryp, ertir namazynyň wagtynyň girmegi bilen başlap, tä Gün ýaşyp agşam namazynyň wagty başlaýança aralykda hiç zat iýmän-içmän, öz nebsiňi saklamak diýmekdir.

“Oraza” sözi pars dilinden geçipdir. Bu arap dilinde “sawm” we “siýam” sözleri bilen aňladylýar. “Sawm” sözi arapçada: “Bir zatdan daş durmak, özüňi saklamak, böwet bolmak” manylarynda ulanylýar.

Oraza beden saglygyňa-da uly kömek edýär. Ol sagdynlygyň açarydyr. Bir ýylyň dowamynda dürli nahar bilen agram salynýan iýmit siňdiriji organlara dynç almaga, täzeden öňki kaddyna gelmäge mümkinçilik döredýär. Oraza bedeniň açlyga-suwsuzlyga garşy durmak güýjüni artdyrýar. Oraza tutmak yslamyň 5 esasyndan biridir. Oraza hijretiň ilkinji ýyly, şaban (meret) aýynyň onunjy güni Medinede parz edilýär. Oraza namaz ýaly, beden bilen amal edilýän ybadatdyr.

Goý, bu Oraza aýynda etjek doga-dilegleriňiz we arzuwlaryňyz Allanyň dergähinde kabul bolsun!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *