,

“EJE” Gülşirin HANOWA

“EJE”

Balalaryň başlaryny sypalap
Uzyn gijelerde ýatmazdyň, eje.
Arman bolan arzuwlaryň apalap,
Kirpigňi kirpigňe çatmazdyň, eje.

Sorup doýman dünýäň datly deminden,
Duýgyň bilen gerdiň derdiň eminden.
“Ynamy beýikler hergiz ýeňilmez”
Diýip gam laýyna batmazdyň, eje.

Sen zenandyň, zenanlaryň merdidiň,
Agyr-agyr ýüklüdi-le gerdeniň.
Ykbalyň ýaramaz ajy şertiniň,
Tagamyn gülkiňe gatmazdyň, eje.

Ölmi hiç zat aklamaýar diýýäler,
Wagt bu derdi ýoklamaýar diýýäler,
Perişdeler uklamaýar diýýäler,
Senem gijelerne ýatmazdyň, eje!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *