,

Nury Halmämmedow

Nury Halmämmedow (1940-1983), Kompozitor.
Doglan ýeri: Ahal welaýatynyň Baharly (Bäherden) etrabynyň Müçre obasy.
Türkmenistanyň Halk artisti, SSSR-iň Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklarynyň eýesi, SSSR kompozitorlar birleşiginiň agzasy.

Meşhur sazlary: “Aýgytly ädim” baleti, “Türkmenistan” simfoniki şekilleri, simfoniýa, G.Ezizowyň sözlerine solister, hor we orkestr üçin wokal – simfoniki poema “Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gahrymanlaryň ýadygärligine”, “Dutaryň owazy”, “Ballada”, “Saňa”, we beýleki fortepiano üçin pýesalar, “Nar agajy” atly skripka we fortepiano üçin wariasiýalar, Magtymgulynyň, Mollanepesiň sözlerine alty wokal toplumy, S.Ýeseniniň sözlerine “Pars äheňleri”, G,Geýnäniň sözlerine “Hirosimanyň we Nagasakiniň çagalarynyň diňläp ýetişmedik aýdymlary”, şeýle hem “Aýgytly ädim”, “Keçpelek”, “Şükür bagşy” filmlerine sazlary we beýlekiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *