,

“DÖWRÜŇ MESELESI” Baky Amanýazow

DÖWRÜŇ MESELESI

Pikirleriň ummanynda gulaçlap,
Käte-käte agyr oýa batylýar.
Bize ak süýt beren ejeleň ady
Nämüçindir sögünçlerde tutulýar.

“Emma, welin, ýöne, bilen, hem…” ýaly
baglaýjy sözleri bir heňe jemläp.
Iki sany ýigit gelýär köçeden,
Iki söznüň biri ejeň-ejeňläp.

Paýyş söz içine sygan enäniň
Hany keramaty, hany hormaty?!
“Eje” diýseň, göýä söýüljek ýaly
Gaýtam sögünçlerde ykjam ornady.

Beýle sögünçleriñ ýaýbañlanmagy,
Döwrümizde iñ derwaýys mesele.
Bu ýagdaýyñ almasak biz öñüni
Dowam eder ol nesilden-nesile.

Geliñ, dostlar, bu gözgyny ýagdaýa
Jemlenişip guralyñ biz böwedi.
Göz öñüñe gelip dursun enäniñ
Ak süýdi, ekläni hem-de öwüdi…

2 Replies to ““DÖWRÜŇ MESELESI” Baky Amanýazow”

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *