,

“Aglar” Sädi Sädiýew

“Aglar”

Ruhym çyksa sogrulyp,
Demim “Sen” diýip aglar.
Tozap dursam sowrulyp,
Gumum “Sen” diýip aglar.

Adyňy aýdym etsem,
Heňim “Sen” diýip aglar.
Janym terk edip gitse,
Tenim “Sen” diýip aglar.

Tapman ýerlikli sebäp,
Kän gezdim başym yrap,
Sönüp barýarka eräp,
Şemim “Sen” diýip aglar.

Alyp ýyllaryň aryn,
Seni ýatlasam zary:n,
Dyrnagym çekip zaryň,
Elim “Sen” diýip aglar.

Ýetip bilmän ýazyňa,
Jaý tapmadym janyma,
Asman dözmän hamyma,
“Gülüň kem” diýip aglar.

Gyşym syrgynym bilen,
Obam-sy:rgynym bilen,
Dogan, dogranym bilen,
Dilim “Sen” diýip aglar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *