,

Burj al-Arab myhmanhanasy

Burj al-Arab (Arapça: “Arap diňi”) – Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaýdaky kaşaň myhmanhanadyr. Şeýle hem “Ýelken myhmanhanasy” diýlip hem atlandyrylýar.

1994-nji ýylda Pars aýlagynyň golaýynda gurlan myhmanhana 1999-njy ýylyň 1-nji dekabrynda müşderilerine gapylaryny açdy.

Myhmanhananyň umumy çykdaýjysy: 650.000.000 $.

Myhmanhana dünýäde ilkinji 7 ýyldyzly myhmanhana bolmak bilen meşhurdyr. Myhmanhanada gündelik medeni syýahatlar hem gurnalýar. “Burj Al Arab” “Arap diňi” diýilse-de, binagärlik taýdan deňizde ýüzýän ýelkene meňzeýändigi üçin “Ýelken” myhmanhanasy hem diýilýär.

Bina 70 gatdan, 202 otagdan ybaratdyr. Bularyň 142-si bir adamlyk, 28-si iki adamlyk, 6-sy üç adamlyk, 2-si ýörite şazadalar we patyşalar üçin niýetlenendir.

Bulardan başga-da myhmanhanada döwrebap restoran bar we onda dünýäniň islendik naharlaryny taýýarlap bilýän 75 sany ussat we tejribeli aşpezler hyzmat edýär.

Myhmanhananyň howpsuzlygy ýokary derejede ösen we ony polisiýa işgärleri amala aşyrýar. Şeýle-de ýörite taksiler myhmanlara hyzmat edýär. Mundan başga-da bu ýerde – çagalar üçin ýörite otaglar, internet we kärendesine alan otagyňyzda siz üçin kompýuter bar. Myhmanhananyň üçeginde tenis oýnalýan meýdança bar.

Häzirki zaman arhitekturasy, kaşaň we ajaýyp binagärligi bilen Dubaý Emirliginiň nyşany bolmagyny dowam etdirýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *