,

Juda gizlin we goragly saklanýan ammar

Norwegiýanyň Swalbard arhipelagynda buzluklaryň içinde ýerleşýän bu ammarda dünýädäki ähli ösümlik dünýäsiniň tohumlary saklanylýar. Global tohum ammaryndaky tohumlar, islendik betbagtçylyk bolanda hem tohumlaryň howpsuzlygy üpjün edilen.

2008-nji ýylda açylan, buzluklaryň arasynda we dagyň üstünde ýerleşýän bu ammar 130 metr çuňlukda ýerleşýär. Bu ammar başgaça “Nuhuň gämisi” diýlip hem atlandyrylýar.

Häzirki wagtda, ammarda 740 müňden gowrak tohum görnüşi bar. Bu görnüşleri gün-günden köpelýär we muny 2 milliard 250 million tohum görnüşine ýetirmek meýilleşdirýär.

Eger bir gün ýer-ýüzünde tebigy betbagtçylyklar (ýer titremesi, suw joşmasy, metreoit gaçmasy) bolan ýagdaýynda  bu tohumlar, adamzadyň ýaşaýşynda möhüm çeşme bolup hyzmat etmeli.

Tohumlar öz gurşawyna ýaramly derejedäki şertlerde gizlin we goragly saklanylýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *