,

Dermanlyk ösümlikler/ot-çöpler

Syçratgy. (Cichorium). Onuň tebigaty pasyllara görä üýtgäp durýar. Tomus döwründe gyzgyn, gyş döwründe sowuk täsirli bolýar. Näzikligi üçin bal bilen garyp iýseň kuwwatyny ýitirýär. Gyzgyn we sowuk häsiýetli bagyr kesellerine derman bolýar. Syçratgyny köp peýdalanmak iç ýellenmesini döredip biler. Şonuň üçin ony sirke we şeker garyp peýdalanmak gerek. Ony gaýnadybam, «dinary» şerabyna garybam ulanyp bolýar.
Pygamberimiziň hadysynda: «Syçratgy iýiň we oňa ýaman göz bilen garamaň. Çünki onuň üstüne jennet damjasy düşmeýän ýeke gün hem ýokdur» diýilýär.

Atgulak. (Plantago major). Sowuk-gurak tebigatly ösümlik. Gan akmasyny togtadýar. Ondan ýasalýan içgi hem peýdalydyr.

ٌBadam hozy. (Amygdalus communis). Badam hozunyň süýji tagamlysy üsgülewige peýda berýär we çyglandyrýar, şeker bilen garyp iýseň erkeklik tohumyny we beýniň işjeňligini artdyrýar, bedeni ýokumly maddalar bilen iýmitlendirýär. Ajy tagamly badam hozy içde dörän daşlary eredýär.
Äşeden rowaýat etmeklerine görä, bir gezek badam hozundan ýasalan içgini berenlerinde, Pygamberimiz ony yzyna gaýtaryp: «Menden soňra bu diňe ägirt we has gurply adamlaryň içgisi bolar» diýipdir.

Noýba. (Vigna unguiculata). Jynsy joşgunyňa ýardam berýän, siňmesi agyr bolan bu iýmitde ýellendirijilik täsir bar.

Limon. (Cutrus limonia). Limon gabygy we maňzy gyzgyn-gurak bolup, limon kislotasy sowukdyr. Saglygyňy goramak üçin şeker garyp ulanmak gerek. Balgamyň zelelinden gorap, ötle kesellerini aýyrýar. Jynsy höwesiňi oýarýar. Limon içgisi gusmagy we ýürek bulanmasyny kesýär. Limonyň peýdasy örän köp.

Mäş. (Phaseolus aurea). Sowuk-çygly tebigatly, ýagşy häsiýetli bolup, üsgülewigi bejermekde peýdalanylýar. Ol gany gyzgyn adamlaryň iýmeli tagamydyr.

Çyrmaşyk, peçek. (Convolvulus scammonea).
Üçünji derejeli gyzgyn-gurak tebigatly ösümlik, öt suwuklygyny (safra) bölüp çykarýar. Onuň güýjüniň täsiri 30-dan 40 ýyla çenli saklanýar.

Narpyz. (Mentha). Gyzgyn-gurak täsirli, ulanmaga ýakymly, aşgazan işleýşini güýçlendirýän ösümlik. Synçgylawugy köşeşdirýär, gusmany kesýär we jynsy joşgunyňa ýardam berýär. Eger süýdüň içine narpyz atsaň, ol hiç ýag tutmaz (ýagly bolmaz).

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *