,

“Haýyş” Şähribossan Geldimämmedowa

“Haýyş”

Zorum ýokda, zarym bardyr,
Bir ýylgyr doňmasaň bolýa!
Ak süýt beren öwülýädir,
Şoňa daş zyňmasaň bolýa!

Kimseleriň gözi alda,
Kimseler set müň hyýalda,
Janam lowlar, orta ýolda,
Tüsseläp sönmeseň bolýa!

Ilden-günden alyp gerim,
Asmana ýetsede seriň,
Ýagysy kän ejizleriň,
Gerşine münmeseň bolýa!

Oýlan, ýalňyşma göçümde,
Ahmyryň galsyn içiňde,
Aglanyň ýandan geçeňde,
Gözleriň ýummasaň bolýa!

Dar köňüli baglap bire,
Ýaý ganatyň giňdir öre,
Dowul turzup ýersiz-ýere,
Rysgalňy kemmeseň bolýa!

Şa sen, men munda keniz,
Ýürek ejiz, köňül zelil,
Yzyna gaýtarma welin,
Edenmi gömmeseň bolýa!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *