,

ENDIGE GÖZEGÇILIK ETMEK

Tebipleriň aýtmagyna görä: «Endik – ikinji tebigatdyr». Pygamberimiziň endik eden zatlary hakda Enes gürrüň berip: «Pygamberimiz ýassy namazyndan soň hem agşamlyk naharyny edinerdi» diýdi. Bir gezek Pygamberimiz Äşäniň ýanyna girende, ol nämedir bir zatdan zeýrenipdir. Şonda Pygamberimiz oňa garap: «Berhiz tutmak jana derman, aşgazan bolsa dertleriň öýjügi. Bedeniňiziň ählisini öwrenişen zadyna endik (dowam) etdiriň» diýipdir. Aly hem bu hakda: «Aşgazan keseliň öýjügi, berhiz tebipçiligiň gözbaşy, endik bolsa ikinji tebigy häsiýet» diýdi. Berhiz bu iýmitden ýüz öwürmekdir. Aşgazany dolduranyňdan ony aç saklamak has peýdaly. Pygamberimiziň: «Aşgazan dertleriň öýjügi» diýip aýtmagynyň aňyrsynda, iýgi-içgini azaltmak we keýp-şöhwetiňi terk etmeklik ýatyr. Endik bolsa, göýä ynsana berilýän ikinji bir tebigy häsiýet ýaly zatdyr. Pygamberimiziň: «Endik ikinji tebigy häsiýet» diýen sözi muňa delil bolýar. Endik adam süňňündäki örän äpet güýç bolup, saglygy goramagyň bir sütünidir. Şonuň üçin-de, Pygamberimiz adamlara we jemgyýete zyýan bermeýän bolsa, öňki endigmize görä hereket etmegi buýurdy. Abu Nagymyň Äşeden eşidip, aýtmagyna görä: «Pygamberimiz gyş paslynda öýe girmekçi (göçmekçi) bolsa, anna gijesi girmegi gowy görerdi. Tomusda daşarda ýatmak islese, ilki anna gijesi daşara çykardy» diýilýär. Tebipleriň garaýşyna görä, adamyň ahlak-häsiýeti, özüni alyp barşy, öň ýatlap geçişimiz ýaly, bedeniň mizajyna-da baglydyr. Haçanda bedeniň ýagdaýy, açlygy we doklugy, ukysy we oýalygy kadaly bolsa, özi hem şol ýagdaýa endik eden bolsa, ol ynsan gujurly, ýeňil, diňe ýagşy işleri etmäge höwesekdir. Eger bu ýagdaýlar kadasyz, çäkden çykan, endikleri ýaramaz, zaýa bolsa, onuň jany şol ýaramazlyklaryň ölçegine görä dertlidir. Munuň bilen baglylykda Pygamberimiz: «Ýatýaryn, oýanýaryn. Agyz bekleýärin, açýaryn» diýip, öz endigini beýan edipdir.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *