,

“Oýlanma” Şähribossan Geldimämmedowa

Oýlanma

Geçip barýan ýaşlygym,
Başym saňa gurbandyr.
Heser tapan joşgunym,
Bäri-bärde durmandyr.

Ýaşaýyşa gönezlik,
Çar tarapyň gözellik,
Dünýe kime hezillik,
Kimselere armandyr.

Çykyp belent daglyga,
Ylgamadym salgyma,
Ýyly sözler kalbyma,
Aýdym bolup ornandyr.

Bu kalbyň durulygy,
Ömrüň ölçeg birligi,
Müň şükür mekirligi,
Ykbal maňa bermändir.

Aryp daňyň atyrýaň,
Günüň ylgap ötürýäň,
Ah, näm etseň göterýän,
Ne ajaýyp zamandyr.

Arkada ýük urulan,
Dünýe şeýle gurulan,
Kän däl bize berilen,
Bäş günlüjek döwrandyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *