,

ENE WE ÇAGA

1 ýaşyňyzdakaňyz size elleri bilen seretdi, sizi ýuwundyrdy. Bütin gije aglap, ony ýatyrman sag bolsun aýtdyňyz.

2 ýaşyňyzdakaňyz size ýöremegi öwretdi. Sizi çagyranynda otagdan gaçmak bilen sag bolsun aýtdyňyz.

3 ýaşyňyzdakaňyz size aýratyn naharlar bişirip berdi. Tabagyňyzy stoluň aşagyna dökmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.

4 ýaşyňyzdakaňyz elleriňize reňkli-reňkli galamlar berdi. Öýüň ähli diwarlaryna surat çekmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.

5 ýaşyňyzdakaňyz sizi owadan eşikler bilen bezedi. Her gören palçygyňyza bökmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.

6 ýaşyňyzdakaňyz size top sowgat etdi. Goňşyňyzyň penjiresini döwmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.

7 ýaşyňyzdakaňyz sizi mekdebe çenli äkitdi. Köçelerde “Gitjek däl-ow” diýip aglamak bilen sag bolsun aýtdyňyz.

9 ýaşyňyzdakaňyz size piýanino mugallymyny tapyp berdi. Notalary bir gün hem okaman sag bolsun aýtdyňyz.

10 ýaşyňyzdakaňyz doglan günlerden başlap sizi hemme ýere maşynly äkitdi. Maşynly gideniňizde yzyňyza-da garaman sag bolsun aýtdyňyz.

11 ýaşyňyzdakaňyz sizi dostuňyz bilen bile kino görmäge äkitdi. Siz: “Sen biziň bilen oturma”- diýmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.

12 ýaşyňyzdakaňyz zyýanly telewizor programmalary görmegiňizi islemedi. Ol öýde bolmadyk wagty ol programmalaryň hemmesini görmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.

15 ýaşyňyzdakaňyz sizi daşary ýurtlara tomusky dynç alyşa iberdi. Bir setir hem hat ýazman sag bolsun aýtdyňyz.

17 ýaşyňyzdakaňyz dostuňyz bilen bile wagt geçirmegiňize rugsat berdi. Telefon hem etmän ertesi gün gelmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.

19 ýaşyňyzdakaňyz okuw çykdaýjylaryňyzy berdi, sizi maşyn bilen mekdebe çenli eltdi we goşlaryňyzy göterişdi. Dostlaryňyzyň üstüňizden gülmeklerini ismeýändigiňiz üçin onuň bilen mekdebiň agzynda sag bollaşmak bilen sag bolsun aýtdyňyz.

21 ýaşyňyzdakaňyz okuwyňyz barada size maslahat bermekçi boldy. Siz: “Men seniň ýaly bolmak islemeýärin”- diýmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.

22 ýaşyňyzdakaňyz diplom alýan günüňizde begenjinden ýaňa sizi gujaklady. Ýewropa gezelenji üçin pul soramak bilen sag bolsun aýtdyňyz.

24 ýaşyňyzdakaňyz halaýan gyzyňyzy tanamak isledi. “Wagtyny özüm bilerin”- diýip, garşy çykmak bilen sag bolsun aýtdyňyz.

25 ýaşyňyzdakaňyz toý jykdaýjylaryňyzy etdi, siziň üçin begendi we şadyýan boldy. Siz dünýäniň bir burçuna göçüp gitmek sag bolsun aýtdyňyz.

30 ýaşyňyzdakaňyz çaga seretmek hakynda size akyl bermek isledi. Siz “Indi o döwür geçdi” diýmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.

40 ýaşyňyzdakaňyz sizi tapyp, bir ýakyn garyndaşyňyzyň doglan gününiň ýetendigini ýatlatdy. “Eje, işim başymdan agdyk”- diýmek bilen sag bolsun aýtdyňyz.

50 ýaşyňyzdakaňyz ol agyr keselledi, ony görmäge baranyňyzda gaty begendi. Oňa garrylaryň çaga ýaly näziksireýändiklerini aýtmak bilen sag bolsun aýtdyňyz.

Şeýlelikde bir gün….. ol bu dünýä bilen hoşlaşdy. Şo güne çenli onuň üçin etmedigiňiz näme iş bar bolsa, şol wagtyň özünde ýüregiňize bir ýyldyrym ýaly bolup düşdi…

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *