,

Origami näme?

“Origami” – ýapon diliniň “oru” (eplemek) we “kami” (kagyz) sözlerinden düzülip, “eplenen kagyz” manyny aňladýar. Ol şekil ýasamak sungatydyr. Munda gaýçy, ýelim ulanmazdan, diňe kagyzyň özüni eplemek arkaly şekiller ýasalýar. Barmaklaryň işjeňligini ösdürýän, oýlap tapmak ukyp-başarnygyňy kämilleşdirýän origamini endik edinenler kagyzdan owadan, özüne çekiji şekilleri döredýärler.

Geliň, olaryň käbirini ýasap göreliň?!

“Origami” -niň taryhdan şu güne çenli başlangyjy barada takyk maglumat bolmasa-da, ilkinji gezek kagyzy oýlap tapan hytaýlylar tarapyndan ýerine ýetirilendigi aýdylýar. Buddaçy monahlar tarapyndan Ýaponiýa getirilendigi çaklanylýan “Origami” bu ýerde ösüşini dowam etdirdi.

Kagyz miladydan öňki 250-nji ýylda hytaýlylar tarapyndan oýlanyp tapyldy. Ol döwürlerde diňe ýokarky gatlagyň baýlary bilen iş salyşylan bu sungat, esasan dini dabaralarda we sowgatlary ýasamakda baýlygyň simboly hökmünde ulanylypdyr. “Origami” kagyzyň giňden ulanylmagy we elýeterli bahalary bilen has köp adama ýetip başlady. Bu sungat XVII asyrda köpçüligiň arasynda güýmenjä öwrüldi we ol döwürden häzirki wagta çenli hem ösmegini dowam etdirýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *