,

Neil Alden Armstrong

Neil Alden Armstrong – amerikaly kosmonawt, aerokosmik inžener, synagçy uçarman we Aýa ilkinji gadam basan adam hökmünde taryha giren.

Kosmosda geçirilen wagty: 8 gün 14 sagat 12 minut 31 sekunt.

Aýda geçiren wagty: 2 sagat 31 minut

Armstrong 1930-njy ýylyň 5-nji awgustynda Ogaýo ştatynyň Wapakoneta şäherinde dünýä inýär.  Ol ilki şol şäherdäki mekdepde okaýar. Ejesi Neil çaga wagty hemişe kitap okap beripdir we onda çagalykdan kitaplara bolan söýgüni oýarypdyr.  Şeýlelik bilen, Neil çagalygyndan okamagy öwrenipdir we bary-ýogy üç ýaşyndaka köçe belgilerini okap başlapdyr.

Neil kiçijikkä uçarlary gowy görüpdir we hemişe öýüň içinde kagyzdan ýasalan uçarlary uçuryp oýnapdyr.  Neil 6 ýaş doglan gününde ilkinji gezek uçarda kakasy bilen uçup görüpdir.

Başlangyç bilimden soň Purdue uniwersitetiniň awiasiýa we aerokosmik inženerligi bölümini okady.
 
ABŞ-nyň kosmos maksatnamasyna kosmonawt hökmünde goşulmak üçin ýüz tutdy we synaglardan üstünlikli geçdi. 1969-njy ýylyň 20-nji iýulynda “Apollon 11” kosmos raketa göterijisi bilen Aýa aýak basan ilkinji adam boldy.

Armstrong 1971-nji ýylda NASA-dan çykyp,  Sincinnati uniwersitetinde işläp başlaýar.  Ol ýerde 1979-njy ýyla çenli aerokosmik inženerçiligi bölüminde professor bolup işledi.  1985-nji ýyldan 1986-njy ýyla çenli Halkara kosmos komissiýasynda işledi. 

2012-nji ýylyň 25-nji awgustynda ýürege barýan damarlary açmak üçin edilen operasiýa wagtynda Armstrong  82 ýaşynda aradan çykdy.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *