,

Baobab agajy

Baobab agajy – Afrikanyň we Aziýanyň tropiki sebitlerinde “Adansonia” maşgalasynyň “Malwaceae” jynsyna degişli ösüp ýetişýän we ýapragyny dökýän agaç görnüşidir.

Bu agaçlaryň uzynlygy 18 metre ýetýär. Agajyň esasynyň  aýlawy 30 metre, diametri 9 metre ýetýär. 3 müň ýyl ýaşaýan baobab agaçlarynyň  Afrika ýurtlarynda 32 we Awstraliýada 8 görnüşi duş gelýär.

Müsür faraonlarynyň mawzoleýlerinde baobab agajynyň miwesiniň şekiliniň bolmagy, baobab  agajynyň miwesiniň ömrüňi uzaldýandygyndan nyşandyr.

Baobabyň köp peýdasy bar. C witamini, kalsiý, kaliý we B6 witamininiň örän oňat çeşmesi bolan baobab, iň gowy antioksidantdyr. Köplenç bu agajyň miwesi ýokançlyklardan we epidemiýalardan goramakda örän täsirlidir.

Baobab şekeriň gan aýlanyş ulgamyna garylmagyny haýalladýar we gandaky şekeriniň kadadan aşa köpelmeginiň öňüni alýar. Mundan başga-da, iýmit siňdiriş ulgamynyň saglygyny goraýan baobab, şol mukdarda süýtden 2 esse köp kalsiý saklaýar.

Häzirki wagtda bu agaçlaryň, tebigy gurşawyň üýtgemegi netijesinde sany ýyl geçdigiçe azalýar.

Görnüşleri:

  1. Afrika baobabı (Adansonia digitata)
  2. Büyük baobab (Adansonia grandidieri)
  3. Avustralya baobabı (Adansonia gregorii)
  4. Madagaskar baobabı (Adansonia madagascariensis)
  5. Perrier baobabı (Adansonia perrieri)
  6. Fony baobabı (Adansonia rubrostipa)
  7. Suarez baobabı (Adansonia suarezensis)
  8. Za baobabı (Adansonia za)

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *