,

“ŞEMALA” Güýçmyrat DURDYMYRADOW

Öwsen – «gyjak syhap» şemal,
Ýara salam ýetirdiňmi?
Gara gözli, sahypjemal-
Jandan jogabyn getirdiňmi?

Çykan ýaly bolup ýaýdan,
Ýarymyň ýanyndan gaýdan,
Bolup mukam, bolup aýdym,
Onuň aýdan, meniň aýdan
Ýumşumyzy bitirdiňmi?

Kalbymyzda yşgy bekän,
Ýaryň bizden öýkesi kän,
Öýkeleri ýekän, ýekän –
Sesiňdäki «şatyrdyňmy?»

Ösýän bolduň welin, pessaý,
Diýdimi: «Özüňi pes saý?!»,
Dişi – dürden, lebi – pissä
Haýran bakyp oturdyňmy?

Ýaryň demi otmy, ýalyn?
Şemal, – ýar ýanyndan gelen,
Barmagyna, bolup elim,
Tylla ýüzük ötürdiňmi?

Bagrym oda bişirdi ýar,
Pynhan-pynhan pyşyrdaýaň,
Pyşyrdyňy düşündiräý,
Nokatdanmy, oturdanmy?

Sen dünýäme däli düşdüň,
Ne sebäpden mežnunlaşdyň?
Men – «Ýar!» diýip ýola düşdüm,
Sen – ýoluňy ýitirdiňmi?!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *