,

TALHATANBABA (XII asyr)

Talhatanbaba metjidi Mary welaýatynda ýerleşýär. Ýadygärligiň gymmatlylygy onuň arhitekturasynyň arassa we oňat saklanandygyndan ybaratdyr.
Metjit birneme uzaldylan desga bolup (18 X 10 metr), onuň gümmeziniň dik aşagyndaky mährap giňişligi (7,30 X 7,30 metr) we iki gapdalynda iki sany sowa giňişligi bar. Sowa giňişlikleriniň üstüni balhy gümmezi örtüpdir. Iki gubur metjidiň jaýynyň daşynda, onuň gündogar ýüzündäki inli arkanyň öňünde ýerleşdirilipdir. Bu arhitektura ýadygärligi inedördül (25 X 25 X 5 santimetr) we dürli suratly bişen kerpiçden nagyşly örümiň şekilini seçip almakda ussanyň oýlap tapyjylygy haýran galdyrýar.
Bu metjit ilkinji gezek W.A.Žukowskiý tarapyndan 1890-njy ýyllarda ylmy dolanşyga girizilipdir. Metjit 1950-nji ýylda arhitektor A.Pribytkowa tarapyndan jikme-jik barlanypdyr we ölçenilipdir.
Binanyň arhitektura aýratynlyklary soňky ýyllarda başga metjitlerde hem ulanylypdyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *