,

“Haýyş boýunça ýazylan goşgy” Dursun TEKÄÝEWA

Özge bilen gurduk durmuş,
Bizi yşk yhlasy urmuş.
Didämde galdy suratyň,
Gör, pelek ne rowa görmüş?!

Ýa sen bolduň muňa sebäp,
Ýa-da men boldum ýazykly.
Ýogsa bir-birege kybap,
Geldik, ýa söýmek ýazykmy?!     

 Del gözlere siňdi mähriň,
Menem ýada etdim nesip.
Ýürekde galdyran möhrüň,
Aýyryp bilmedim kesip.

Sen ýürekde ýaşaýarsyň,
Göni gözlerime bakyp,
Senem şeýdip ýaşaýarmyň,
Didämiň ýaşy dur akyp.

Özge bilen gurduk durmuş,
Bizi yşk yhlasy urmuş…    

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *