,

“Suratymyz” Nowruz Güýjow

Gabat geldim tanyşlarmyň birinde,
Ikimiziň suratymyz bar eken.
Gowşuraryn ýollarymyz birigse,
Ikimiziň suratymyz bar eken.

Surat-dünýä, manysyny tirene,
Synlap dursaň gürrüň baryn biýr, ine,
Golaý durupdyrys birek-birege,
Ikimiziň suratymyz bar eken.

Şanyňa ýazdyran ençe şygrymy,
Keşdelenen nepis çabdyň gyrmyzy.
Jemläp özgä açylmadyk syrmyzy,
Ikimiziň suratymyz bar eken.

Diýýän, köşeşdirip özüm-özümi:
“Durmuş birikdiren suratda bizi.”
Belki, baglap goýan ýüreklermizi,
Ikimiziň suratymyz bar eken.

Leave a Reply

Your email address will not be published.