,

“Iň oňat gar adam” ýasamagyň matematiki formulasy

Gardan “Iň oňat gar adam” ýasamak üçin iňlis alymlary gerek bolan ölçegleriň we beýleki gerek bolan zatlaryň jikme-jik netijelerini öwrendiler. Angliýanyň Trent uniwersitetinden matematik Dr. Jeýms Hindiň “iň oňat” gar adamy ýasamak üçin taýýarlan formulasyna görä, gar adamyň beýikligi, deňagramlylygyny saklamak üçin boýy 1,62 metr bolmaly. Howanyň temperaturasy 0 gradus we ondan pes bolmagy maslahat berilýär.

Gar adamyň matematiki formulasy

Gar adamlaryň burny üçin ulanyljak käşiriň uzynlygy 4 santimetr bolmaly.

Gar adamy üçin ýasaljak beden üçin 3 sany gar topy ulanylmaly, matematikler diametrini aşakdan ýokarlygyna 80 sm-den 50-30 sm aralygynda bolmalydygyny belleýärler.

Gözler üçin ulanyljak materialyň ululygy 5 santimetrden uly bolmaly däldir.

Peýdaly maslahat: “Täze gar ulanyň!”

Gowy gar adamy üçin ulanyljak gar hem möhümdir. Kristal däl, täze we ýalpyldawuk arassa täze garlary saýlamak maslahat berilýär.

Gar adamyň garny (böwri) üçin  3 sany kiçijek düwme ulanylmaly. Bedeniň aşakdaky esasy uly gar topunyň diametri azyndan 80 santimetr bolmaly.

Gar adamyň aýaklary üçin aşakdan iki sany süýri gar topundan peýdalanmaly.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *