,

Tripanosoma

Gurluşy. Tripanosomanyň bedeni ýasyja, zolak şekilli. Bedeniniň iki ujy-da inçe, ýöne onuň öňki ujy has inçe we uzyn ösüntgili bolýar. Ösüntgi bedeniň yz tarapyndan başlanyp, öň tarapyna uzalyp gidýär we bedeniň käbir ýerleri bilen birleşýär hem-de plazmatik perdejigi (ýelpewajy) emele getirýär. Ol hereket synasy bolup, bazal bedenjikden ösüp çykýar.

Köpelişi. Tripanosoma jynssyz, dikligine ikä bölünmek bilen köpelýär, bir tripanosoma dan iki sany tripanosoma emele gelýär.

Ýaşaýşy. Tripanosoma Af rika ýurtlarynda ýabany ýaşaýan antilopalaryň (keýikşekillileriň) ganynda mugt horlyk edip ýaşa ýar. Şol ýurtlarda ýaşaýan se-se siňekleri antilopalaryň gany ny soranda, olaryň ganyn da ky tripanosomalary hem kabul edýärler. Bu siňekler adam ganyny soranda tripanosomalary adamyň ganyna geçirýärler. Netijede, adam tripanosomalar bilen keselleýär.

Mugthorlygy we zyýany. Tripanosomalar adam ganynda köpçülikleýin köpelip, gan we nerw ulgamlaryna giňişleýin ýaýraýarlar. Olar kelle beýnisiniň uky merkezine güýçli zeper ýetirýärler. Netijede, adamda ömürlik uky keseli döreýär, ýagny adam iýmitlenmeýär, hereket etmeýär, elmydama ukuda ýatýar. Şeýle keselli adam hökman lukmançylyk kömegini almalydyr.

Tropik leýişmaniýasy. Tripanosoma Orta Azi ýa ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda duş gelmeýär. Ýöne bizde tripanosomalar toparynyň başga bir wekili – tropik leýişmaniýasy bolup, ol mugthorlyk edip, adamlara uly zyýan ýetirýär.

Tropik leýişmaniýasy Garagumda gemrijileriň (syçanlaryň we alakalaryň) ganynda mugthorlyk edýär. Çybynlar gemrijileriň ganyny soranlarynda olardaky leýişmaniýalary hem kabul edýärler. Çybynlar soňra adamyň ganyny soranda leýişmaniýalary onuň ganyna geçirýärler. Şeýlelikde, adam leýişmaniýa bilen keselleýär. Mugthorlar adamyň ýüzünde we elleriniň üstünde peşehorda ýarasyny emele getirýärler.

2 Replies to “Tripanosoma”

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *