,

Siňir süýnende we bogun çykanda ilkinji kömegiň berlişi.

Tagaşyksyz hereket edilende ýa-da büdräp ýykylanda bogunlarda süňkleri birleşdirýän siňirlere zeper ýetmegi mümkin. Bognuň töwereginde çiş emele gelýär, kähalatlarda bolsa gan inýär, ýiti agyry döreýär. Bogna şeýle şikes ýetmegine siňir süýnmesi diýilýär.

Ilkinji kömek berlende şikes ýeten ýere buzly gap (haltajyk) ýa-da sowuk suwda öllenen mata goýmaly. Sowuk agyryny ýeňledýär, çişmegiň öňüni alýar, damarlardan ganyň syzylyp çykmagyny peseldýär. Siňir süýnmesi bolanda sargyny berkidýän berk daňy hem daňylmalydyr. (ýokardaky suratda görnüşi ýaly)

Şikes ýeten eli ýa-da aýagy dartmak, ol ýere gyzgyn zat goýmak bolmaýar. Ilkinji kömek berlenden soň, lukmana ýüz tutmaly. Tagaşyksyz hereket bogunlarda süňkleriň süýşmegini, ýagny çykygy hem emele getirip biler. El ýa-da aýak çykanda bogundaky süňküň kellejigi bogun oýtumyndan çykýar. Siňir süýnýär, kähalatlarda bolsa üzülýär, bu ýiti agyryny emele getirýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *