,

Ilkinji Aýazbaba

Aýazbaba baradaky gürrüňler öz gözbaşyny gaty ir zamanlardan alyp gaýdýar. Ol rowaýatlarda Aýazbaba ak uzyn sakgally ýaşulynyň keşbinde suratlandyrypdyrlar. Sowuk onuň demi, buz gözýaşy, gyraw haty, ak bulutlar saçy, gyş pasly bolsa aýaly hasaplanypdyr.

Odoýewski

Ýazuwly edebiýatda Aýazbaba baradaky ýazgylar 1840-njy ýylda rus ýazyjysy Odoýewskiniň ertekilerinde duş gelýär. Odoýewskiniň rus ertekisindäki Aýazbabanyň keşbini biraz üýtgedýär, timarlaýar, oňa täze öwüşgin çaýýar. Ýazyjynyň ertekisindäki Aýazbaba Täze ýyldaky wakalar bilen bagly däl, ol ýaz paslyndaky wakalary suratlandyrýar. Ertekidäki babanyň ak saçlary seçelenip dur. Ol buz ýaly sowuk ýurtda ýaşaýar. Eserde Aýazbaba çagalaryň oňat işleri üçin olara sowgat-sylaglar berýär, rehimli we adalatly edilip suratlandyrylýar. Odoýewskiniň ertekisinde göwni päk gyza Aýazbaba gymmat bahaly monjuk sowgat berýär, öweý enäniň gyzyna bolsa, Gün çykanda ereýän buzdan monjuk sowgat berýär.

Ilkinji gezek Aýazbabany Täze ýyl, arça bilen baglanyşykly bitewilige öwürmek XIX asyryň ahyrlarynda – 1886-njy ýylda başardýar. Rus çagalar ýazyjysy, karikaturaçy Waleriý Karrik ertekilere surat çekmek bilen Aýazbabanyň keşbini janly we anyk göz öňüne getirmäge kömek edýär. 1873-nji ýylda dramaturg Ostrowskiniň eseri esasynda Aýazbaba ilkinji gezek teatryň sahnasynda peýda bolýar. Şonda Aýazbaba Garpamyk atly agtyjagy bilen sahnada çykyş edýär. Şondan dört ýyl soň dörän “Garpamyk” operasy has-da şowly çykýar.  XIX asyryň ahyrlarynda ýüzüne Aýazbabanyň şekili çekilen sowgatlyk suratjyklar peýda bolýar. Geçen asyryň başlarynda Täze ýyl arçasynyň ýanynda ýylgyryp duran Aýazbabanyň bolmagy adaty zada öwrülýär. Aýazbaba çagalar bilen oýnaýar, olara sowgat berýär.

Näme üçin biz Aýazbabanyň sowgat-sylag bermegine, arzuw-isleglerimizi berjaý etmegine garaşýarys?

Aýdylyşyna görä, Aýazbaba IV asyrda ýaşan şahs bolupdyr. Bir gezek ol bir garybyň öýüniň deňinden geçip barýarka, mätäçlikden kösenýän garry öý eýesiniň zeýrenip durandygyny eşidýär. Şonda ýüregi rehim-şepagatdan doly ýaňky adam bulara kömek etmegi ýüregine düwýär we peçiň turbasyndan öýe pul oklaýar. Pul turbadan aşak gaçyp, peçiň ýanynda guratmak üçin goýlan gyzyň köwşüniň içine düşýär. Halk ýagşylyga ömrüni bagyş edeni üçin ony Aýazbabanyň keşbiniň üsti bilen aňladypdyrlar. Aýazbabanyň keşbiniň kämilleşmeginde rus kinorežissýory Aleksandr Rounyň hem uly hyzmaty bar. Ol “Aýazbaba” filmini surata düşürýär. Häzirki döwürde Russiýada, Belorusda we başga-da birnäçe ýerlerde Aýazbabanyň anyk salgyly mekany bar. Olaryň adyna günde dünýäniň çar künjünden ýüzlerçe hat barýar. Ol hatlaryň ähliside okalýar we jogap ýazylýar.

ÝurtlarAtlary
GazagystandaAýaz ata
ÖzbegistandaKorbobo
AzerbaýjandaŞahta baba
GyrgyzystandaAýaz ata
TürkiýedeNoel baba
RussiýadaDed Moroz
FnlandiýadaÝolupukki
NorwegiýadaÝoletomte
ÝaponiýadaOdzi-san
HytaýdaŞan Dan Laožen
AwstraliýadaSilwestr
Altaý ülkelerindeSook-Taadak
BelgiýadaKeramatly Nikolaý
PolşadaKeramatly Nikolaý
AngliýadaRoždestwonyň atasy
GresiýadaKeramatly Wasiliý
KiprdeKeramatly Wasiliý
MongoliýadaUwlin Uwgun
NiderlandiýadaSanderklas

Arça bezemek däbi 1604-nji ýylda döreýär. Dessury döreden elzaslylar hasaplanýar. (Elzas – Fransiýada taryhy ýer). Elzaslylar arçany dürli bela-beterlerden, howp-hatarlardan goraýan agaç hasap edipdirler. Olar Täze ýyl gijesi arçany öýlerinde bezemek bilen, geljek  ýylyň tutuş bagtly we asuda ýyl boljakdygyna berk ynanypdyrlar. Arça bezeg berýän oýnawaçlar bolsa 400 ýyl mundan öň Saksoniýada ýasalyp başlapdyr. Käbir ýurtlarda 4-nji dekabrdan başlap, Aýazbabanyň isleg-arzuwlary ýazylan hatlary kabul edip başlanýan güni hasaplanylýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.