,

Täze ýyl arçasyna dakylýan oýnawaç jäjekler hakynda

  • Täze ýyl arçasyny jäjek dakyp bezemek XVII asyrda başlapdyr.
  • 1867-nji ýylda Täze ýyl arçasyny bezemek üçin oýnawaç öndürýän ilkinji zawod Germaniýada açylýar.
  • Täze ýyl arçasyna dakylýan ilkinji oýnawaç jäjek 1847-nji ýylda ýasalypdyr.
  • Ginnesiň rekordlar kitabynda hem Täze ýyl arçasynyň jäjekleri bilen bagly geň galdyryjy täsinlikleriň ençemesi bar. 2003-nji ýylda arça dakylýan iň uly oýnawaç hökmünde Ginnesiň rekordlar  kitabyna giren jäjegiň agramy 1 tonna eken.
  • Dünýädäki iň uly emeli Täze ýyl arçasy diýlip, Rio-de Žaneýrodaky 68 metr beýiklikdäki arça hasaba alyndy. Bu arçany bezemek üçin iki million çyrajyk we oýnawaç jäjejik gerek bolýar.
  • Arça dakylýan ilkinji jäjekler iýilýän eken. Ýagny, Täze ýyl arçasyna alma, nar, pyrtykal ýaly miweleri, hozlary, süýji-kökeleri dakmak ýörgünli bolupdyr.
  • Moskwada ýaşaýan, gelip çykyşy ABŞ-ly Kim Balaşak Täze ýyl arçasyna dakylýan oýnawaçlary ýygnamagy güýmenje edinipdir. Häzir onuň 2500 sany Täze ýyl arçasyna dakylýan oýnawajy bolup, olar XIX asyryň ahyryndan, tä 1966-njy ýyla çenli aralykda öndürilen gadymy oýnawaçlardyr. Kim Balaşak bu jäjekleriň köpüsini bazardan satyn alypdyr.
  • Kristofer Radko Täze ýyl arçasyna dakylýan jäjekleri öndürmekde uly meşhurlyk gazanan işewür. Ol şeýle jäjekleri elde ýasaýar. Oňa bir oýnawajy ýasamak üçin ýedi gün gerek bolýar. Häzir Radko “Good-will” şereketini esaslandyrdy. Onuň ýasan jäjekleri döwülmeýär. Redkonyň şeýle jäjekleri öndürmeginiň gyzyklyja taryhy bar. Heniz kiçijik oglanjykka Kristofer bezelen Täze ýyl arçasyny tötänden ýykaýýar. Arçadaky bezeg üçin dakylan ähli oýnawaçlar aýnadan bolansoň, döwülýär. Şonda Kristofer özüni ýitirmän, kagyzdan oýnawaç ýasap, arçany bezeýär. Çagalykda başlanan ol güýmenje soňy bilen Kristofer Redkonyň arzyly kärine öwrülýär.
  • Russiýanyň Klin şäherinde Täze ýyl arçasyna dakylýan oýnawaçlaryň muzeýi bar. Bu muzeýde dürli-dürli oýnawçlary synlamak mümkin.

Leave a Reply

Your email address will not be published.