,

Täze ýyl baýramçylygy dünýä ýurtlarynda

Awstraliýalylar Täze ýyly hemmelerden ir belleýärler. Arça, kedr we şenuber ýaly agaçlar Awstraliýada ösmänsoň, olary beýleki ýurtlardan getirýärler. Eger-de Täze ýyl baýramçylygynda şol agaçlar tapylmasa, awstriýalylar öz ýurtlarynda ösýän metrosideros diýilýän agajy ýa-da ýasama arçany bezeýärler. Täze ýyl gijesi iýip-içmek we feýerwerklere tomaşa etmek üçin açyk howadaky kafelerde, restoranlarda oturýarlar.

Argentinalylar üçin Täze ýyl maşgala baýramydyr. Olar maşgala bolup myhmançylyga gidýärler ýa-da üýşüp öýde oturýarlar. Argentinalylar tamamlanýan ýylyň soňky iş gününde öz iş otagyndaky köne galamdyr kagyzlarynyň ählisini penjireden zyňýarlar.

Gollandiýada üzümli byzmyk Täze ýyl tagamy hasaplanýar. Golland çagajyklary bu tagamy ak taýçanagyň getirýändigine ynanýarlar.

Gadymy grekler Täze ýyl baýramyny iýun aýynyň 22-sine (ýylyň iň uzak güni) belläpdirler. Häzirki wagtda Täze ýyl keramatly Wasiliniň (Agios Wasilias) baýramy bilen bir günde bellenilýär. Wasiliý grek Aýaz babasydyr. Ol garyplara kömek edipdir. Şonuň üçin grekler ony hormatlaýarlar. Wasiliý öýlere tüsseçykar arkaly girip, öý eýeleriniň taýynlap goýan aýakgaplarynda sowgat goýup gidýärmiş.

Indoneziýada Täze ýyl baýramçylygy 10 günläp dowam edýär. Hudaýlar üçin ýörite reňkli tüwüden 2 metrlik süýjülikler ýasalýar. Bu süýjülikleri adamlar üýşüp iýýärler.

Hindistanda Täze ýyl baýramy üýtgeşik garşy alynýar. Ýurduň demirgazygynda adamlar özlerini gyzyl, ak, gülgüne we melewşe reňklere boýaýarlar. Ýurduň merkezinde jaýlarda mämişi baýdaklar asylýar, günbatarynda bolsa jaýlaryň depeleri owadan yşyklar bilen bezelýär. Irden çagalaryň gözlerini daňyp, olary öňünden taýýarlanan ýörite sowgatly mejimeleriň ýanybna eltýärler. Çagalara baýramçylyk sowgatlary paýlanylýar.

Irlandiýada hem bu baýram özboluşly bellenilýär. Täze ýyl gelmänkä, adamlar öýleriniň gapylaryny açyp goýýarlar. Ýarygije olar daşary çykyp, şatlanyşyp, gezelenç edýärler.

Keniýada Täze ýyl baýramçylygy suwda geçirilýär. Adamlar ummanda, köllerde, derýalarda suwa düşýärler we gaýykda aýlanýarlar.

Hytaýda Täze ýyl ýanwar aýynyň ahyrynda, fewralyň başynda täze Aý doganda garşylanylýar. Köp dürli yşyklar ýakylýar, al-arwahlar bolsa feýerwerkler arkaly “gorkuzylýar”.

Leave a Reply

Your email address will not be published.