,

«ŞOLDURYN MEN…» Mätgurban MÄTGURBANOW.

«ŞOLDURYN MEN…»

Zybandan däl, kalpdan syzlan,
Sözden däl, söýgüden düzlen,
Özgelere düşnüksiz, geň,
Saňa aýan däldirin men.

Basmarlasa gam-endişe,
Gün başarmaz…Göwnüň gije,
Alysdaky öçügsije,
Ýyldyz çoýsa, şolduryn men.

Men bir lowlap giden ataş.
Ýakar öýdüp durýaňmy daş?!
Haýyşym, sönmänkäm sataş!
Gijä galsaň, küldürin men…

Bu ýollarda öwrüm ýetik,
Yşk kän − bagta öwrülmedik.
Bil, ýolansyň göwnüň gidip,
Zyňsaň, soljak güldürin men!..

Leave a Reply

Your email address will not be published.