,

“SENDEN SOŇ…” Mätgurban MÄTGURBANOW.

SENDEN SOŇ…

Gitseň, ýykyljak ýalydy,
Ýöne dünýä üýtgemedi.
Bar bolan zat − ýüregimi
Ýalňyzlygym tüýtmeledi.

Dogry, kä kalbymy berdim,
Gussaň hökmüne howala.
Hiç kimden jogap tapmadym,
«Nämüçin?!» diýen sowala…

Günler geçdi, gaçdy kem-kem,
Geljegiňe bar ynamym.
Boýun aldym, seniň indi
Geçmişime garylanyň.

Bu durmuş, göwnübir ýaly,
Üýtgetmedi şol bolşuny.
Bir men, has gamgyn synlaýan,
Ýapraklaryň «ýogalşyny».

Ýaprak deý tändi köňlümden,
Başa barman, päk niýetim.
Gitdiň…ömrüm birazajyk
Ýitirdi öz ähmiýetin.

Sen ýada düşýäň diýmeseň,
Durnalaň gidýän halaty.
Dünýä asyl üýtgemedem,
Gitseň, ýykyljak ýalydy…

One Reply to ““SENDEN SOŇ…” Mätgurban MÄTGURBANOW.”

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *