,

“Nesibäm” Şemşat Ummadowa.

Nesibäm – ykbala ýazylan paýym,
Agtaraýyn, nirde bolsa tapaýyn.
Maksat nyşanyna çenäýin ýaýym,
Wysal üçin bedew kimin çapaýyn.

Saga baksam, sollar meni çagyryar,
Sola baksam, ýollar meni çagyrýar,
Gideýin ýollardan menziller aşyp,
Mana teşne iller meni çagyrýar.

Ýegşereýin ylym paýhas ýükünden,
Kitap bolsun iň guwanjak sowgadym.
Kynçylykdan, gowgalardan çekinmen,
Ynam halas eder müň bir gowgadan.

Leave a Reply

Your email address will not be published.