,

Gar adam hakynda

Gar adam – gardan ýasalan ýönekeý heýkel. Ol gyşda çagalar tarapyndan, käte ýetginjekler tarapyndan he ýasalýar. Ýönekeý garadam üç gar tokgasyndan ýasalýar. Seýrek ýagdaýlarda iki gar tokgasyndan ýasalypdyr. Onuň iň uly tegelegi aşaky bölegi, ikinji tegelegi göwresi, iň kiçi tegelegi kellesidir. Gar adamyň eline derek iki agaç şahasy ýa-da iki gar tokgajygy goýlup, oňa pil ýa-da “uçýan sübse” oturdylýar. Däbe görä, gar adamyň burnuna derek käşir goýulýar, ýöne häzirki wagtda onuň ýerine daşjagazlar, taýajyklar we kömür hem goýulýar. Gar adamyň kellesine köplenç bedre geýdirilýär. Ol ertekilerde we multifilmlerde Aýaz babanyň ýoldaşy hökmünde çykyş edýär.

Iň uly gar adam. 1999-njy ýylyň fewral aýynda Men ştatynyň Betel şäherinde (ABŞ) iň uly gar adamlaryň biri ýasalýar. Ol ştatyň gubernatory Engus Kingiň hatyrasyna “Engus, daglaryň hökümdary” atlandyrylýar. Onuň boýy 35 metr, agramy 4 tonna barabar bolupdyr. 2008-nji ýylda şol ýerde 37 metr belentlikde we 6 tonna agyrlykda başga bir has uly gar adam ýasapdyrlar.

Iň kiçi gar adam. 2010-njy ýylda Londonyň Milli fizika laboratoriýasynyň Kwant bölüminiň agzasy Dewid Koks tarapyndan Roždestwo baýramynyň öňsyrasynda 0,01 mm ölçeginde iň kiçi gar adam ýasalypdyr. Gadymy Russiýada gar adam gyşyň ruhy hasaplanypdyr. Oňa kömek bermegini, rehimdarlyk etmegini, sowguň uzak dowam etmezligini haýyş edip çokunypdyrlar. Şonuň üçinem onuň eline asmana uçmagy üçin sübse goýlupdyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *