,

Gadymy ölçeg birlikleri

Türkmen halky geçmişde öz milli ölçeg birliklerini ulanypdyr. Häzirki ulanylýan kilometr, metr, santimetr ýaly uzynlyk ölçeglerinden öň olara derek adamyň synalarynyň – barmaklarynyň, eliniň, aýagynyň we şuna meňzeşleriň uzynlyklary ulanylypdyr. Ol ölçeg birlikleriniň atlary çeper edebiýatda, şeýle-de oba ýerlerinde ýaşuly adamlar tarapyndan häzir hem ulanylýar.

Uzynlyk ölçeg birlikleri:

Barmak – 2 sm.

Sere – başam barmak bilen süýem barmagyň arasyndaky iň uzyn aralyk, takmynan, 19 sm hasaplanylýar.

Agsak sere – orta barmak bilen süýem barmagyň arasyndaky iň uzyn aralyk, takmynan, 12 sm.

Ker sere – külembike bilen süýem barmagyň arasyndaky iň uzyn aralyk, takmynan, 15 sm.

Garyş – başam barmak bilen külembike barmagyň arasyn daky iň uzyn aralyk, takmynan, 22 sm.

Gez – eliň barmagynyň ujundan tirsege çenli aralyk, iki garyş ýa-da 44 sm.

Gary – gerlen eliň barmagynyň ujundan döşe çenli aralyk, 2 gez ýa-da 88 sm.

Gulaç – gerlen iki eliň barmaklarynyň ujuna çenli aralyk, 4 gez.

Sala gulaç – gerlip, arka tarap mümkin boldugyça öwrülen elleriň barmaklarynyň ujuna çenli aralyk.

Hada – 1–3 gulaç.

Agaç – 12000 ädim, takmynan, 9 km.

Persah – takmynan, 6–7 km.

Menzil – bäş agaç ýa-da 25–45 km.

Daban – 27 sm.

Ýer, suw göwrüm ölçeg birlikleri:

Häzirki wagtda ýer, suw ölçeg birlikleri diňe çeper edebiýatda duş gelýär diýäýmeseň, durmuşda ulanylmaýar diýen ýalydyr. Şol ölçeg birliklerine birnäçe mysal getireliň:

Tanap – 0,25 gektar, uzynlygy 90 ädim, ini 45 ädim;

Tanap – 400 kwadrat gulaçdan 3600 gulaja çenli;

Suw – 3 sagatlyk suw nobaty;

Keleme – dört suw; Serkar – sekiz suw (bir gije-gündizlik suw nobaty);

Bükdürme – iki epleme, ýagny bir gün ýa-da bir gije nobat.

Agyrlyk ölçeg birlikleri:

Çärýek – 1,2 gram.

Mysgal – 4 çärýek.

Agry – 62,5 gram.

Gadak (kirbeňke) – 90 mysgal.

Siri – 1,325 gadak – 8 agry.

Pensiri – 5 siri.

Däsiri – 10 siri.

Sisiri – 30 siri.

Put – 40 gadak.

Batman – 53 gadak.

Harwar – bir eşek ýüki.

Serwer – bir düýe ýüki.

Bellik: Agyrlyk ölçeg birligi batman dürli ýurtlarda üýtgeşik bolup, onuň 8 putdan 11 puta çenli agyrlygy bar. Ondan başga-da, halkymyz geçmişde rupyýa, tümen, tylla ýaly pul birliklerini-de ulanypdyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *