,

“Aýralyk…” Atajan Eýýupow

“Ýandepderçedäki ýazgylardan…”

Şu gün bir ýyl boldy seniň gidenňe,
Umydym üzemok, garaşýan saňa!
Neçüýn birje gezek habar almadyň?
Mynasyp gördüňmi yşk derdin maňa.

“Garaş maňa güýz gelerin!” diýipdiň,
Bir ýyl geçdi, emma güýz sensiz geldi.
Gulagma pyşyrdap güýzüň ýelleri,
Diýdi: “Umydyň üz! Ýaryň gelmedi!”

Gün geçdikçe barýan senden sowaşyp,
Aňda galdy şol aýralyk pursatlar.
Öňümden çykanda seniň suratyň,
Ody tutaşdyrdy ýalňyz gursakda.

Ykbalymy saňa baglamak üçin,
Söýüp ýalňyşmadym, ökünerim ýaly.
Söýgüňden ýadygär gam-gussa goýduň,
Indi şatlygym ýok öňküler ýaly.

Ynan ýeriň tutup bilmez hiçbiri,
Özgäni söýmegiň tapman mydaryn.
Kyn hem bolsa durmuş maňa öwreder,
Aýralyk derdine biraz çydaryn.

Leave a Reply

Your email address will not be published.